DÜNÝÄTEHNOLOGIÝA

Google-dan çagalara täze programma

Google  kompaniýasy Read-Along atly täze programmasyny döretdi. Bu programmanyñ ähmiýeti başlangyç synp okuwçylarynyñ okamak üçin ukybyny artdyrar. Täze Read-Along Android programmasyny dünýäniñ islendik künjeginden internetden alyp bolar we onuñ içinde dilleri boýunça 9 dile bölünýär. Read-Along programmasynda sözleýişiñi tanaýan we okamak üçin Diýa atly funksiýasyny öz içine alýar. Haçan-da çagalar daşyndan okanlarynda, Diýa funksiýasy çaganyñ fonoteki ýalñyşlaryny göýberýändigini duýdurýar we özi çaga sözi dogry okamaga kömek berýär. Şeýle hem çagalar bilmeýän sözlerini we sözlemlerini dogry okamak üçin Diýa funksiýasyna ýüzlenip bilýärler. Çagalar dogry okap başlan wagtlary, Read-Along programmasy çagalara ýyldyzjyk hökmünde baýraklary gowşurýar. Google kompaniýasy bu programmany internete baglanyşmasyz ýagdaýda işlär ýaly edip döredipdir.

 

Related posts

Türkmen-tatar iş toparynyň nobatdaky mejlisi gecirildi

Xiaomi şereketi Android 12 ulanjak telefonlarynyň sanawyny mälim etdi

Barbados respublika bolýar