DÜNÝÄ

Gazagystanda wagtyndan öň prezident saýlawlary geçiriler

Gazagystanda wagtyndan öň prezident saýlawlary şu ýylyň 20-nji noýabrynda geçiriler. Bu barada degişli karara ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gol çekdi.

– Gazagystanda Respublikasynda nobatdan daşary prezident saýlawlaryny 20-nji noýabrda geçirmek barada karar edýärin – diýlip resmi kararda bellenilýär.

Ýurduň Merkezi saýlaw toparyna nobatdan daşary prezident saýlawlaryny guramagy üpjen etmek, gazak hökümetine bolsa, ses bermek işiniň guramaçylygyna maddi-tehniki we maliýe kömegini bermek tabşyryldy.

Mälim bolşy ýaly, Kasym-Žomart Tokaýew 17-nji sentýabrda ýurduň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky kanuna gol çekipdi. Şonda Gazagystanda prezident ýedi möhlete we bir gezekligine saýlanýandygy bellenildi. Mundna ozal, prezident ygtyýarlylyklary 5 ýyl möhlet bilen 2 gezek saýlanmaga mümkinçilik berýärdi.

Related posts

Türkmenistanyň ilçisi Horwatiýanyň daşary daşary we ýewropa işleri ministri bilen duşuşdy

“Çagalar Hukuklary” ulgamynda halkara sempozýum

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly aýsbergi ýalpaklyga oturdy

Leave a Comment