DÜNÝÄ

“Gap Inşaat” Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň durkuny täzeler

Aşgabat şäheriniň binagärlik, şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek we ýurdumyzda döwlet çärelerini ýokary derejede geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň durkuny täzelemek, goşmaça binalary we desgalary gurmak barada “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerini 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak hem-de binalary we desgalary 2026-njy ýylyň aprel aýynda ulanmaga doly taýýar etmek tabşyryldy.

Related posts

Özbegistanyň Prezidenti Türkiýede saparda boldy

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Ata Watan Eserleri

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy