TEHNOLOGIÝA

“Galaxy A52s 5G” smartfonynyň suratlary we aýratynlyklary ýaýrady

“Samsung” şereketi üstümizdäki ýylyň mart aýynda “Galaxy A52s 5G” smartfonyny satuwa çykarypdy. Şereket bu telefondan sähel tapawutlanýan “Galaxy A52s 5G” smartfonyny ýakyn wagtda tanyşdyrmagy meýilleşdirýär. Ýakynda bu telefonyň suratlary we aýratynlyklary baradaky maglumatlar internetde ýaýradyldy.

“Qualcomm Snapdragon 778G” prosessoryndan güýç alýan telefonyň ýady 128 GB-a, bahasy bolsa 450-500 ýewro deň bolar. Bu telefonyň ýaşyl, gara, ak we mor reňklerde satuwa çykmagyna garaşylýar. “Galaxy A52s 5G” smartfonynyň “Galaxy A52 5G” smartfonyndan başga nähili aýratynlyklarynyň bardygy baradaky maglumatlar şereket tarapyndan mälim edilmedi.

 

Maksat  TAGANOW

                                             Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet   uniwersitetiniň žurnalistika  hünäriniň talyby.

Geljegiň sanly tehnologiýalary

Related posts

Türkmenistan Şanhaýda geçirilýän Bütindünýä emeli aň maslahatyna gatnaşýar

Hyzmatdaşlyga täze saýtlar goşulýar: www.br.com.tm we www.iirmfa.edu.tm

Ata Watan Eserleri

“Altyn Asyr” Oraza 2021 hyzmatyny hödürlenýär

Ata Watan Eserleri