JEMGYÝET

Gagariniň hormatyna 500 dron şekil ýasady

12-nji aprelde sowet kosmonawty Ýuriý Gagariniň älem giňişligine uçmagynyň 60 ýyllygy mynasybetli Ýer ýüzüniň dürli döwletlerinde köp sanly ýatlama çäreleri geçirildi.

Şolaryň arasynda ilkinji kosmonawtyň Watanyndaky ― Russiýadaky çäreler şowhunlylygy we täsinligi bilen özüne çekýär. Ynha, ýurduň Beýik Nowgorod şäherinde Ýuriý Gagariniň älem giňişligine çykmagynyň 60 ýyllygy mynasybetli agşamky asmany dron kameralarynyň ajaýyp görnüşi bezedi.

Has takygy, rus metbugatynyň habar berşi ýaly, şäherde 500-den gowrak dron kamerasy arkaly «Wostok» älem gämisiniň we onuň emeli hemralarynyň şekili emele getirildi. Bu görnüş ýurduň we dünýä döwletleriniň ençemesiniň teleýaýlymlary arkaly göni ýaýlymda alnyp görkezildi.

 

Lukmançylyk uniwersitetinde “Açyk gapylar” güni

 

 

Related posts

Saýlaw-2022: dalaşgärleri bellige almak tamamlandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen Lider’den Türkiye ve Japonya’ya taziye

vepa

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy döredildi