SPORT

Futbol boýunça dünýä çempionaty 6 ýurtda geçiriler

Futbol boýunça dünýä çempionaty ilkinji gezek 6 ýurtda geçiriler. Bu barada Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) tarapyndan ýaýradylan metbuagt beýanatynda bellenilip geçilýär.

2030-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatyny 6 ýurt kabul eder. Maglumata görä, bu çempionaty esasy kabul ediji ýurtlar Ispaniýa, Portugaliýa we Marokko bolar. Çempionatyň ilkinji 3 duşuşyklary bolsa, Argentina, Paragwaý hem-de Urugwaýda geçiriler.

Çempionatyň finalyny bolsa, Ispaniýanyň Madrid şäherindäki “Real Madrid” toparynyň “Santýago Bernabeu” stadionynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýlelikde çempionatyň ilkinji 3 duşuşyklary dürli yklymlarda oýnalar.

Related posts

“Merw” “Alaý” toparyndan üstün çykdy

Russiýa Merkezi Aziýanyň futbol çempionatyna gatnaşmaýar

Ata Watan Eserleri

“Çelsi” topary Winisius üçin €150 milliondan gowrak teklip bermäge taýýar