SPORT

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Finlýandiýanyň milli ýygyndysy hokkeý boýunça bäşinji gezek dünýä çempiony boldy. Finlýandiýanyň ýygyndysy “Swiss Life Arena” meýdançasynda geçirilen final oýnunda Sweýsariýanyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňdi.

Goşmaça wagtda ýeke-täk şaýbany Konsta Helenius tora girizdi.

Bürünç medaly bolsa, Norwegiýanyň ýygyndysy mynasyp boldy. Olar hem goşmaça wagtda Kanadanyň ýygyndysyny 3:2 hasabynda ýeňdi.

Finlýandiýa mundan öň dünýä çempionatynda dört gezek — 1995-nji, 2011-nji, 2019-njy we 2022-nji ýyllarda ýeňiji bolupdy. Şondan soň topar çärýek finaldan aňry geçip bilmändi.

Related posts

Pogba üçin 5 ýyllyk şertnama

Transfer möwsümi uzaldylar

Katar-2022: dünýä çempionatynda 2-nji sensasiýa