SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Filippinler “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy

Filippinler döwleti ýurtda gyssagly ulanmak üçin “Sputnik V” koronawirusa garşy sanjymyny tassyklady. Bu barada Russiýanyň göni maýa goýum gaznasy habar berýär. Şeýle hem russiýanyň bu guramasy “Sputnik V” koronawirusyna garşy sanjymyny Filippinler Respublikasynyň Azyk we derman serişdeleri müdirligi tarapyndan bellige alnandygyny habar berýär.

“Sputnik V” waksinasy umumy ilaty 1,4 milliarddan gowrak 52 ýurtda tassyklandy. Häzirki wagtda “Sputnik V” sanjymy Russiýa Federasiýasynda, Belarusda, Argentinada, Boliwiýada, Serbiýada, Alžirde, Palestinada, Wenesuelada, Paragwaýda, Türkmenistanda, Wengriýada, Birleşen Arap Emirliklerinde, Eýranda, Gwineýa Respublikasynda, Tunisde,
Ermenistanda, Meksikada, Nikaraguada, Liwanda, Mýanmada, Pakistanda, Mongoliýada, Bahreýnde, Gazagystanda, Özbegistanda, Gabonda, San-Marinoda, Ganada, Gyrgyzstanda, Müsürde, Gondurasda, Gwatemalada, Moldawiýada, Slowakiýada, Angolada, Kongo Respublikasynda, Şri-Lankada, Laosda, Keniýada, Marokkoda, Iordaniýada, Namibiýada, Azerbaýjanda we ýene-de ençeme döwletlerde
tassyklanyldy diýip habar berilýär.

 

23-nji mart hem dynç alyş güni

Related posts

Hytaý 58 ýurda howa gatnawyny açdy

Ata Watan Eserleri

THY-den Aşgabat ugry boýunça goşmaça ýörite uçar gatnawy

Sagdyn bolmak üçin maslahatlar

Ata Watan Eserleri