BIZNES

“Ferrari” indiki möwsüme taýýarlanýar

“Ferrari”, “Mersedesden” wagtlaýynça karz alyp, awtoulagyň täze görnüşini döreder.  Şeýlelikde “Ferrari” häzirki wagtda möwsümiň galan böleginde we 2021-nji ýylda üstünlikli çykyş etmek maksady bilen awtoulagyň täze görnüşini taýýarlaýar.

Internet sahypalarynda berilýän habarlara görä, awtoulagyň “SF1000” atly ikinji görnüşi “Ispaniýanyň Baş baýragynda” peýda bolmaly. “Ferrari” awtoulagyň öň tarapyny düýbünden täzeden düzmek kararyna geldi.

Mundan başga-da, onuň ulanjak bolýan tilsimleri “Mersedesde” ulanylan bilen birmeňzeş bolar. Italiýa toparynyň ýolbaşçylaryna ýaryş şertleriniň talabyna laýyk bolmak maksady bilen  bäsdeşleriniň awtoulagyny doly göçürmeli däldigi duýduryldy.

Related posts

Türki döwletleriň maýa goýum gaznasy öz işine başlaýar

Ýewraziýa ulag geçelgesi: 6 ýurduň wekilleri Tähranda duşuşdylar

Daýhan maşgalasyndan öz ýurdunyň iň baý adamy bolan: Robin Li

Ata Watan Eserleri