DÜNÝÄ

Eýranyň zenan ministri – Farzana Sadigi

Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher ösüşi ministri wezipesine ilkinji gezek zenan ýolbaşçy bellendi. Farzana Sadigi bu ministrlige ýolbaşçylyk eder.

Eýranyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkianyň ýolbaşçylygyndaky täze hökümetiň düzüminde bir sany zenan ýolbaşçy hem bar. Ol 47 ýaşyndaky arhitektor Farzana Sadigidir.

Farzana Sadigi ýol we şäher ösüşi ministri wezipesine dalaşgär görkezildi. Eýranyň parlamentinde ol 231 ses alyp, bu ministrligiň ýolbaşçysy wezipesine saýlandy.

Bellenip geçilişi ýaly, ýurduň bu ministrligine ilkinji gezek zenan ýolbaşçy bellendi.

 

Abbas Aragçi – Eýranyň täze daşary işleri ministri

Related posts

Arzan internet üçin 60 emele hemra iberildi

Sakura döwri ýakynlaşýar

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy