DÜNÝÄ

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

15-nji maýda bellenilýän pars dilini goramak güni mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi habar berýär.

Pars dilini goramak güni mynasybetli surat çekmek bäsleşigi geçirilýär.

Nakgaşlar we döredijilik bilen gyzyklanýanlaryň ünsüni çekjek bu bäsleşige hemmeler gatnaşyp bilýär

Bäsleşigiň netijeleri boýunça 1-2-3-nji orny eýelänlere pul baýraklary gowşurylar.

Bäsleşik 2 görnüşde geçirilip, ol professional we professional däl kategoriýasynda gözden geçiriler.

Suratlary 2026-njy ýylyň 11-nji maýyna çenli Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezine tabşyrmaly.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti çagalara sowgat berdi

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Aleksandr Lukaşenko 2025-nji ýyldaky saýlawlara gatnaşar