SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Düwürtik näme sebäpden çykýar

Düwürtik  jahyllyk döwründe çykýar diýip hasap etsegem, onuň başga hem birnäçe sebäpleri bardyr:

Düwürtigiň ilkinji sebäpleriniň biri hem ulanýan kosmetikalaryňyzdyr. Ýüzüňize näçe köp zat çalsaňyz, bedeniň öýjügi dolup, öýjügiň dem almagy kynlaşýar.Birwagt soňra saklanan bakteriýa düwürtik bolup ýüze çykýar.

Düwürtigiň ýene bir sebäbi stresdir.Günüň dowamynda alada,gaýgy näçe köp etseňiz düwürtigiň döreme mümkinçiligi hem şonça ýokarydyr.

Bedenimizde belli bir näsazlyklaryň ýüze çykmagy bilen hem düwürtikler döräp bilýär. Meselem aşgazan işiniň bozulmagy…

Günüň yşygy düwürtigiň azalmagyna täsir edýär. Aşa köp derlemek düwürtigiň çykmagyna ýol açýar.

Eliňizi ýüzümize ellemekden saklanmaly.

Ýüzüňizi  süpürmek üçin niýetlenen süpürgiçleriňize hem üns bermeli.

 

Sowuk howada ýüzümize ideg etmek      

 

Related posts

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň halkara uçuşlarynyň täze tertibi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Abu-Dabi, Milan we Hoşimin şäherlerine uçup başlar

“Sputnik V”: haçan hemmelere elýeterli bolar?

Ata Watan Eserleri