DÜNÝÄ

Dünýäniň iň ýaş Premýer-ministri durmuşa çykdy

Finlýandiýanyň Premýer-ministri Sanna Marin durmuşa çykdy. Geçen ýyl Finlýandiýanyň ozalky Premýer-ministri Antti Rinneniň wezipesini meýletin tabşyrmagyndan soňra täze hökümetiň ynamyny gazanan Sanna Marin 34 ýaşynda ýurduň Premýer-ministri boldy. Ol şol bir wagtda dünýäniň hem iň ýaş hökümet baştutanlarynyň biridir.

Sanna Marin bilen Markus Raikkoneniň durmuş toýy ýurduň hökümet baştutanlygynyň resmi binasy bolan Keseranta binasynda geçirildi. Bu dabara 40 adam gatnaşdy. Premýer-ministr Sanna Marin nika toýy bilen baglanyşykly suratlary özüniň “Instagram” jemgyýetçilik torundaky hasabynda ýerleşdirdi.

1985-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Helsinki şäherinde dünýä inen Sanna Marin 2017-nji ýylda Tampere uniwersitetini tamamlap, iş durmuşyna gadam basdy. 2012-nji ýylda syýasy durmuşa ädimini ädip, Tampere şäheriniň häkimliginiň agzalygy üçin saýlawlara gatnaşdy.  2013-2017-nji ýyllarda şol şäheriň häkimliginiň mejlisiniň ýolbaşçysy boldy.

2014-nji ýylda ol Sosial-Demokrat partiýasynyň başlygynyň orunbasary boldy. 30 ýaşynda, ýagny 2015-nji ýylda Finlýandiýanyň mejlisiniň deputatlygyna saýlandy. 2019-njy ýylda ulag we aragatnaşyk ministri wezipesine bellendi.

2019-njy ýylyň 8-nji dekabrynda bolsa ýurduň hökümet baştutany boldy.

Related posts

Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary Pusan şäherinde syýahatçylyk boýunça 1-nji Global sammite gatnaşdy

Türkiýäniň öňdebaryjy neşiri öz sanyny Türkmenistanyň üstünliklerine bagyşlady

Makron: Fransiýa Ýewropanyň emeli aň merkezi bolar

Ata Watan Eserleri