MEDENIÝET

BTS MTV-niň birbada dört baýragyna mynasyp boldy

Koreýa Respublikasynyň BTS aýdym-saz topary «MTV European Music Awards 2020» baýraklarynyň dördüsine mynasyp boldy. Has takygy, topar «Iň gowy aýdym», «Iň gowy topar», «Iň gowy onlaýn konsert» we «Iň uly muşdaklar topary» ugurlary boýunça baýraklara mynasyp boldy.

Şeýle hem «Coldplay» sazandalar topary «Iň gowy rok topary», Ledi Gaga «Iň gowy aýdymçy», Heýli Uilýams bolsa «Iň gowy ýerine ýetiriji» ugurlary boýunça baýraklara mynasyp görüldi.

Koronowirus pandemiýasy sebäpli, bu ýyl baýraklary gowşuryş dabarasy onlaýn görnüşde geçirildi. Olara dalaşgärlerden eserler wideoýazgy görnüşinde kabul edildi. Deslapky maglumatlara görä, MTV-niň baýraklary öňümizdäki ýylda Wengriýada gowşurylar.

«MTV Europe» aýdym-saz teleýaýlymy tarapyndan döredilen baýraklar 1994-nji ýyldan bäri gowşurylyp gelinýär. Onuň ýeňijileri Internet arkaly berlen sesleriň esasynda saýlanylýar.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Related posts

Disneýiň «Artemis guşy» filmi 12-nji iýunda görkeziler

Ata Watan Eserleri

ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär

«Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi yglan edildi