BIZNES

Birža täzelikleri: türk işewürleri float aýnasyny satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gonkongyň we Kipriň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň işewürlerine tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümleri ýerlenildi. Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri float aýnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň3 million 123 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 4 million 635 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.

 

2-nji awgustdaky howa maglumaty

Related posts

«Amazonyň» peýdasy üç esse köpeldi

Gyrgyz işewür topary Aşgabada geler

Aşgabatda Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň wekiliýeti bilen işewür duşuşyk geçirildi