BIZNES

Birža täzelikleri: irland telekeçileri dokma önümlerini satyn aldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Gruziýanyň we Gazagystanyň telekeçileri “Türkmenhimiýa”döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen awtobenzini, şeýle hem “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen awia kerosini hem-de polipropileni satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Irlandiýanyň, Türkiýäniň, Serbiýanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň telekeçilerine ýorgan-düşek toplumlary, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriniň dürli görnüşleri, nah mata we nah ýüplügi, jinsi matalary, şeýle hem buýan köki ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 48 million 451 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 400 müň manatlyk armaturalary satyn aldylar.

Related posts

Hazar Lojistik Merkezin Kurulması

vepa

Türkmenistan’da muhteşem askeri geçit

vepa

“Azerbaýjan “ paromynyň Türkmenistana ilkinji gatnawy