JEMGYÝET

Birleşen Milletler Guramasynda işlemek isleýärsiňizmi?

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ilat gaznasy boş iş orunlaryny hödürleýär. Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky Ilat gaznasynyň “Instagram” jemgyýetçilik torunda habar berilýär.

Gurama şu aşakdaky wezipeler üçin iş orunlaryny hödürleýär.

  1. 1. Ýaşlar we gender boýunça milli maksatnamanyň analitigi.
  2. 2. Aragatnaşyk boýunça analitik.

Gyzyklanýan dalaşgärler 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň 26-syna çenli iş orunlar üçin resminamalaryny tabşyrmalydyr.

Bu barada https://unjobs.org/ saýtynda hem maglumat berlipdir.

Ozal hem habar berişimiz ýaly, BMG-niň Çagalar gaznasy, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň hödürlän boş iş orunlary barada habar beripdik.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

Related posts

Dünýäniň ýeke-täk gülgün reňkli deňiz jandary

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitine gatnaşýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri: türkmen gazyny Hazaryň we Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä ibermek üçin mümkinçilikler bar

Ata Watan Eserleri