SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Baýramçylykda 4 myhman çagyrmaga rugsat edildi

Koronawirusyň “omikron” görnüşiniň çalt ýaýramagy dünýä döwletlerinde täzeden çäklendirmeleriň girizilmegine sebäp bolýar. Şeýle ýurtlaryň biri hem Niderlandlar boldy.

Niderlandlaryň Premýer-ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mark Rutte omikron koronawirus ştammynyň çalt ýaýramagynyň öňüni almak üçin ýurtda berk karantin çäreleriniň girizilendigini habar berdi.

  • Karantin 19-njy dekabr, ýekşenbe güni giriziler.
  • Azyk önümleri dükanlary, dermanhanalar, ýangyç guýulýan beketler we kitaphanalar ýaly käbir möhüm edaralar işini dowam etdirerler.
  • Iýmit däl dükanlar, restoranlar, kafeler, barlar, medeni we güýmenje merkezleri, şeýle hem gözellik salonlary we sport zallary ýapylýar.
  • Bu çäreler 2022-nji ýylyň 14-nji ýanwaryna çenli girizildi. Ýöne zerur bolsa, uzaldylyp bilner.
  • Ähli bilim edaralary azyndan 9-njy ýanwara çenli ýapyk bolar, professional sport ýaryşlary geçiriler, ýöne tomaşaçylara gatnaşmaga rugsat berilmez.
  • Niderlanlaryň ýaşaýjylaryna öýde galmak we günde iki myhmandan köp adam kabul edilmezlik maslahat berilýär.
  • Adamlara köpçülikden gaça durmak we jemgyýetçilik aralygy saklamak maslahat berilýär.
  • Şeýle hem, köpçülikleýin çärelere we Roždestwo çärelerine gadaganlyk girizýär.
  • Täze ýyl we Roždestwo baýramylyk çäreleri üçin dört adamy myhmançylyga çagyrmaga rugsat berilýär.

 

Ronaldo futbol toparynyň eýesi boldy

Related posts

Balkanabat Halkara howa menzili daşary ýurtly uçarlara tehniki gonuş mümkinçiligi döreder

“S7” awiakompaniýasy Türkmenistana adaty gatnawlary ýola goýýar

Ata Watan Eserleri

Pariž – dünýäniň iň täsirli syýahatçylyk şäheri

Ata Watan Eserleri