JEMGYÝET

Baýden: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzy giňeltmek ugrundaky tagallalarymyzy dowam etdireris

Hormatly jenap Prezident!

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkynyň adyndan Size we türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.

Bu gazanylan sepgit Türkmenistanyň özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine berk ygrarlydygyny görkezýär. Birleşen Ştatlar hem-de Türkmenistan sebitde howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine, şol sanda terrorçylyga garşy göreşmek arkaly ýardam berýärler. Şeýle-de biz howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek, metan gazynyň zyňyndylaryny azaltmak ugrunda bilelikde iş alyp barýarys. Ýurtlarymyzyň we Hökümetlerimiziň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlary bilen ilkinji sammiti geçirdik.

Öňümizdäki ýylda hem hyzmatdaşlygymyzy giňeltmek ugrundaky tagallalarymyzy dowam etdirjekdigimize umyt edýärin. Sizi we ähli türkmen halkyny milli baýramyňyz — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen ýene-de bir gezek gutlaýaryn hem-de parahatçylyk, bagtyýarlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Jozef BAÝDEN,
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Wýaçeslaw Wolodini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekilini kabul etdi