DÜNÝÄ

Bangladeşiň ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Bangladeş Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi M.Amanul Hakdan (oturýan ýeri Ankara şäheri) ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

Ministriň orunbasary ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işini durmuşa geçirmekde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem halkara we sebit guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýada halkara maslahata gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

S.Berdimuhamedow bilen söwda ministri Mehmet Muşuň arasynda telefon söhbetdeşligi

Ata Watan Eserleri