DÜNÝÄ

Azerbaýjan bilen Hytaý wiza düzgünini ýatyrýar

Azerbaýjan bilen Hytaýyň arasynda wiza düzgüniniň ýatyrylmagy babatda degişli ylalaşyk gazanyldy. Bu ugurdaky resminama Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň jemlerinde gol çekildi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew döwlet saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy. Duşuşygyň jemleri boýunça 15-ä golaý ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Şolaryň hatarynda wiza düzgünini ýatyrmak hakynda ylalaşyk hem bar. Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen Hytaýyň daşary işler ministri Wan I  “Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda umumy raýat pasportlaryna eýe bolan raýatlary ikitaraplaýyn esasda wiza talaplaryndan boşatmak hakynda” ylalaşyga gol çekdiler.

Related posts

Türkmenistan Russiýanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Ikinji Hazar ykdysady forumy geçiriler

Ýer titreme zerarly kömek etmek isleýänler üçin ýörite bank hasaby

Ata Watan Eserleri