JEMGYÝET

Awtobus ugurlarynda tölegsiz hyzmat

Aşgabat şäherinde täze awtobuslar hereket edip başlar we şol gün şäheriçi awtobus ugurlarynda tölegsiz hyzmat ediler. Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyna gelip gowşan 400 sany “Hyundai ALL New Super Aero City” kysymly döwrebap awtobuslaryň 2021-nji 25-nji maýyndan ulanyşa goýberilýändigini we şol gün Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna hem-de myhmanlaryna diňe şäheriçi awtobus ugurlarynda tölegsiz hyzmat ediljekdigini Siziň dykgatyňyza ýetirýär. 

Şol gün şeýle hem “Awtomobil ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hasabyna gelip gowşan 200 sany “TOYOTA COROLLA” kysymly döwrebap ýeňil taksi awtoulaglary ulanyşa goýberiler.

Habarlaşmak üçin: 44-33-90, 44-33-91

200 sany “Toyota Corolla” kysymly taksi ulanyşa giriziler

Şäheriçi awtobus ugurlary: Haýsy ugurlar hereket edýär?

Gündelik Täleýnama: 21 Maýda Ýyldyzlar näme diýýär?

Related posts

Türkmenistan bilen ÝTÖB-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Jeki Çan 66 ýaşady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjana döwlet saparyny amala aşyrar

Ata Watan Eserleri