SPORT

Ata, futbolçy, bombardir (köp gol geçiren)

Ezzeldin Bahader 75 ýaşynda. Ol ýakynda dünýäniň iň garry futbolçysy hökmünde taryha girer. Onuň alty sany agtygy eýýäm atasynyň üstünliklerine guwanýarlar. Atalary geçen hepdäniň şenbe güni “Seta Uktober” toparynyň düzüminde 75 ýaşynda tapawutlanmagy başardy. Bu topar Müsüriň 3-nji diwizionynda çykyş edýär. Ezzeldin şu ýylyň fewral aýynda bu topar bilen şertnama baglaşdy.

Ezzeldin Bahader iň garry futbolçy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girmekçi. Ýöne ol eýýäm dünýäniň professional ligalarynyň arasynda iň garry bombardir (iň köp gol geçiren) hökmünde rekordy eýeledi. Mundan ozal bu rekord ýaponiýaly Kazuýosi Miura degişlidi. Ol 50 ýaşynda tapawutlanmagy başarypdy. Häzirlikçe dünýäniň iň garry futbolçysy hökmünde israýylly Isaak Haýik hasaplanýar. Ol geçen möwsümde 73 ýaşynda “Ironi Or Yehuda” toparynyň derwezebany bolup çykyp edipdi.

Related posts

Faruk Koja ömürlik futboldan daşlaşdyryldy

Dünýä çempiony “Atletiko Madridde” oýnar

Kabo-Werde ilkinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy