BILIM

Aşgabatda halkara matematika olimpiady geçirilýär

Düýn paýtagtymyzdaky Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde III Açyk halkara matematika olimpiadasyna (OMOUS-2023) dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Ýeri gelende aýtsak, Açyk halkara matematika olimpiadasynyň geçirilmegi ýurdumyzda ilkinji gezekdir we ol Diýarymyzda geçiriljek geljekki şeýle halkara bäsleşiklere hem badalgadyr.

Birnäçe günläp dowam etjek halkara olimpiada GDA-nyň, Latyn Amerikasynyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryndan zehinli ýaşlar gatnaşýar. Olimpiada iki görnüşde — ýekebara we toparlaýyn görnüşlerde geçirilýär. Onuň emin agzalary ýurdumyzyň we bu bäsleşige gatnaşýan daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan ybaratdyr.

Bu bäş günlük halkara olimpiadasyna Russiýa Federasiýasyndan, Azerbaýjandan, Özbegistandan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Wengriýadan, Germaniýadan, Saud Arabystanyndan we Meksikadan 60 töweregi talyp gatnaşýar.

Olimpiadanyň çäginde daşary ýurtly talyplar üçin Aşgabadyň gözel ýerlerine gezelençler guralar. Mundan başga-da, talyplar ýurduň taryhy ýerlerinden biri bolan Nusaý taryhy ýadygärlikler toplumyna baryp görerler. Şeýle hem uniwersitetde türkmen halkynyň milli tagamlary festiwaly geçiriler.

III Açyk halkara matematika olimpiadasynyň ýapylyş dabarasy 28-nji aprelde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçiriler. Ýeňijiler degişli medallar we diplomlar bilen sylaglanarlar.

Related posts

Türk ministri: 37500 türkmenistanly talyp Türkiýede bilim alýar

Türkmenistanda «durmuş gullugy» hünäri täze hil derejesine geçýär

Rumyniýadan türkmenistanly ýaşlara talyp haky mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment