SPORT

Aşgabatda “Ashgabat Open-2024” atly halkara tennis ýaryşy geçiriler

Şu ýylyň 8-17-nji noýabry aralygynda paýtagtymyz Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda “Ashgabat Open-2024” atly halkara tennis ýaryşy geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Orazdurdyýewa Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda “Ashgabat Open-2024” atly halkara tennis ýaryşyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Berlen hasabata görä, bu halkara ýaryşyna Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Pakistanyň, Eýranyň, Iordaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Malaýziýanyň we Gonkongyň umumylykda 12 döwletiň 70 türgeniniň, şeýle hem sport wekiliýetiniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Halkara ýaryşda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere ýadygärlik sowgatlarynyň, Halkara Tennis federasiýasynyň medallarynyň we sertifikatlarynyň gowşurylmagy meýilleşdirilýär.

Related posts

Karim Adeýemi Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubyna geçdi

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

Tokio-2020: Russiýa 20-nji altyn medalyny gazandy