SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-Moskwa uçar gatnawynyň biletleriniň satuwy barada

Mälim bolşy ýaly, düýn “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan 11-nji maýdan 13-nji maýa geçirilen Aşgabat-Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy barada habar beripdik. Bu habar Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik toruna salgylanyp berildi.

Şol habarda 13-nji maýda amala aşyrylmagy meýilleşdirilen uçar gatnawynyň awiapetekleriniň satuwy barada goşmaça habar beriljekdigi hem bellenilip geçilipdi. Bu barada hem Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda täze habar ýerleşdirilipdir.

Şol beýanatdan görnüşi ýaly,göz öňünde tutulan ýörite uçar gatnawy üçin awiabiletleriň satuwy 10-njy maýda sagat 15:00-da “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki kassalarynda satylyp başlady.

Meýilleşdirilen uçar gatnawy 13-nji maýda sagat 19:00-da amala aşyrylar.

 

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy: halkara ýörite uçar gatnawy barada

Related posts

Türkmenistan boýunça 21-27-nji iýul aralygyndaky howa maglumaty

Ata Watan Eserleri

Daşary ýurtdan gelýän raýatlaryň karantin möhleti uzadyldy

Ata Watan Eserleri

Koronawirusa garşy mugt sanjym

Ata Watan Eserleri