SPORT

Arda Güler ilkinji goluny geçirdi

Ispaniýanyň “La Liga” çempionaytnyň 28-nji tapgyrynda “Real Madrid” topary “Selta Wigo” topary bilen duşuşudy. Duşuşyk 4:0 hasabynda “Real Madrid” toparynyň peýdasyna tamamlandy. Ispan toparynyň düzüminde çykyş edýän ýaş türk futbolçy Arda Güler ilkinji goluny geçirdi.

Ispaniýanyň şa toparyna geçenden soňra yzly-yzyna şikes alyp, onçakly köp ýaşyl meýdança çykyp bilmedik Arda Güler duşuşygyň 89-njy minutynda Winisiusyň ornuna oýna girdi we 90+4-nji minutda tapawutlanmagy başardy.

Toparyň tälimçisi Karlo Ançelotti duşuşyk tamamlanandan soňra Ardany ilkinji goly bilen gutlady we ol metbugat ýygnagynda: “Öran az wagt oýnady, ýöne onuň birzatlary başarjagyna ynandym. Örän owadan gol geçirdi. Onuň bu toparda uly geljegi bar” diýip, belledi.

 

Related posts

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wekilleri AFC-nyň 2025-nji ýyldaky Kongresine gatnaşdylar

Çempionlar ligasy: “Mançester Siti” 13 ýyldan soňra 1/8 finala çykyp bilmedi

“Lužniki” birinji bolup bilermi?…