DÜNÝÄ

«Amazonyň» üstünliginiň syry

«Amazon» kompaniýasyny esaslandyryjy hem-de dünýäniň iň baý adamy Jeff Bezos «Business Insider» neşirine beren interwýusynda kompaninyň üstünlikli ädimleriniň esasy syrlarynyň birini müşderileri bilen ýakyn aragatnaşyk hökmünde görkezdi.

Bezosyň aýtmagyna görä, işdäki bäsdeşlik müşderiler bilen alnyp barylýan işde hem zerurdyr. Üstünlikli işleýän kompaniýa olaryň arzuw-isleglerini hemişelik kanagatlandyrmak, şeýdip hem olaryň kalbynda tagt gurmak üçin göreşmeli. Ol müşderileriň haýsydyr biriniň närazylygyny işdäki şowusuzlyk diýip hasap edýär.

«Forbes» žurnalynyň ýazmagyna görä, Jeff Bezosyň şahsy baýlygy häzir 143 milliard dollara ýetýär. 2026-njy ýylda onuň dünýädäki ilkinji trillioner bolaýmagy ahmal.

 

Related posts

Aral İçin BM Özel Programı Önemli

vepa

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Täjigistanyň ilçisi Mejlisiň başlygy bilen duşuşdy