SPORT

Almaty 2029-njy ýylda Gyşky Aziýa oýunlaryny kabul eder

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi 2029-njy ýylyň Gyşky Aziýa oýunlarynyň Almaty şäherinde geçiriljekdigini mälim etdi. Bu barada Hytaýyň “Sininhua” habarlar agentligi habar berdi.

Oýunlary geçirmek baradaky resmi ylalaşygyň 5-nji fewralda Milanda gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

Ilkibaşda 2029-njy ýylyň Gyşky Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin Saud Arabystany saýlanypdy. Emma ýanwar aýynda ýurduň Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleri OCA bilen bilelikde ýaryşyň geçirilmeginiň näbellisiz möhlete süýşürilendigini yglan etdiler.

Soňky Gyşky Aziýa oýunlary 2025-nji ýylda Hytaýyň Harbin şäherinde geçirildi.

Related posts

Özbek futbolçy Aziýanyň iň gymmat oýunçysy boldy

Russiýanyň futbol çempionaty badalga alýar

Kazemiro “Mançester Ýunaýted” bilen 2026-njy ýyla çenli şertnama baglaşdy

Ata Watan Eserleri