DÜNÝÄ

Alihan Smailow Gazagystanyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan bellendi

Gazagystanda geçirilen parlament saýlawlaryndan soňra parlamentiň täze düzüminiň ilkinji mejlisi geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu mejlisiň öňüsyrasynda Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet öz işini tabşyrypdy.

Şu gün geçiirlen Gazagystanyň Mažilisiniň mejlisinde Alihan Smailowyň Gazagystanyň Premýer-ministri wezipesine üçin hödürlenen dalaşgärligi tassyklandy.

Deputatlaryň arasynda geçirilen maslahatlaşmalardan soňra Gazagystanyň Prezidentiniň Alihan Smailowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine bellemek hakyndaky kararyna ses berildi.

Plenar mejlise gatnaşan 97 deputatyň 82-si Alihan Smailowyň dalaşgärligini tassyklady.

2022-nji ýylda Smailow Gazagystanyň Premýer-ministri bolupdy. Bu gezek hem “AMANAT” partiýasy Alihan Smailowy Gazagystanyň Premýer-ministri wezipesine täzeden hödürlendi.

Related posts

Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň mejlisi geçirildi

Germaniýanyň täze kanslerini kesgitlejek saýlaw

Ata Watan Eserleri

Çad Respublikasy Türkmenistana täze ilçi belledi

Leave a Comment