BIZNES

125 ýyllyk kompaniýa logosyny üýtgetdi

“PepsiCo” kompaniýasy özüniň döredileniniň 125 ýyllygynyň öňüsyrasynda “Pepsi” içgileriniň logosyny üýtgetdi. Bu barada “USA Today” gazeti habar berýär.

“Pepsi” alkogolsyz içgileriniň gabynyň daşynda ýazylýan haryt nyşany goýy gara reňkdäki şrift bilen ýazyldy. “PepsiCo” kompaniýasynyň baş dizaýneri Mauro Porçininiň bellemegine görä, täze haryt nyşany “has köp güýç, ynam we batyrgaýlyk” berer.

Bellenilişina görä, kompaniýa haryt nyşanyny täzelemek ugurnda birnäçe ýyldna bäri işläp gelýär. bu ugurda 70-80-nji ýyllardaky dizaýnden esas alyndy. Şol döwürdäki haryt nyşany sarp edijileriň arasynda giňden meşhurlyk gazandy.

Täze haryt nyşanly içgiler şu ýylyň güýzünde ABŞ-da we Kanadada satuwa çykarylar, 2024-nji ýylda bolsa, beýleki ýurtlara ýaýradylar.

Related posts

Türkmenistan’da Bağımsızlık Resmi Geçidi Yapıldı

vepa

Türkmenistanda täze dokma toplumy gurlar

Ata Watan Eserleri

TAPI’de önemli gelişme

vepa

Leave a Comment