JEMGYÝET

Ahal we Lebap welaýatlarynyň gallaçylary zähmet ýeňşini gazandylar

Ýurdumyzyň ýene-de iki welaýatynyň — Ahal hem-de Lebap welaýatlarynyň gallaçylary ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Olar Watan harmanyna, degişlilikde, 400 müň we 310 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagy, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy, oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak, beýleki çykdajylary maliýeleşdirmek üçin daýhan birleşiklerine, kärendeçilere, telekeçilere berilýän ýeňillikli karzlar ekerançylaryň zähmet öndürijiligini artdyrýar.

Bulardan başga-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ähli welaýatlarda daýhanlaryň durmuşyny düýpli özgerdýän iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Munuň özi edermen daýhanlarymyza ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Related posts

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti Awazada geçiriler

Türkmenistanyň ýygyndy topary Olimpiýa oýunlaryna dabaraly ugradylar

600 ahalteke aty üçin niýetlenen athana açyldy

Ata Watan Eserleri