BILIM

Açyk gapylar: Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti

Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti ýur­du­my­zyň oku­wa hö­wes­li ýaş­la­ry­ny 2021-nji ýy­lyň 1-nji ma­ýyn­da sa­gat 15:00-da «AÇYK GA­PY­LAR» gü­nü­ne ça­gyr­ýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

«Açyk gapylar» gününde ýokary okuw mekdebine gelen ýaşlar hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylmy, bilimi ösdürip, dünýä ül­ňülerine laýyk getirmek baradaky Kararlarynyň we Permanlarynyň durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, uniwersitetde öwredilýän hünärler, täze binadaky döwrebap tehnologiýalar esasynda enjamlaşdyrylan okuw, lingafon, kompýuter otaglary, talyplaryň ylmy we medeni gurnaklary, aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşy, talyplaryň sport bilen meşgullanyşy, umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýyş şertleri, dil öwreniş bölüminiň işleri bilen ýakyndan tanşyp bilerler.

Sal­gy­sy: Aş­ga­bat şä­he­ri­niň 1958-nji (An­da­lyp) kö­çe­si­niň 169-njy ja­ýy.

 Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­le­ri: 39-85-42; 39-85-13; 39-85-40; 39-85-43; 39-85-28; 39-85-29.

 

Türkiýe hem “Sputnik V” sanjymyny ulanmakçy

 

 

 

 

Related posts

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşarlar

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy

Diplom ykrar etmek boýunça talaplara kimlere degişli däldir?

Ata Watan Eserleri