IŞ ORUNLARY & TENDERLER

ABŞ-nyň ilçihanasyndan täze iş orny

Ilçihananyň tehniki hyzmat ediş bölüminde iş ornlary açylandygy barada Size habar berýäris:

 –Elektrik dolandyryş tehnigi, FSN-07 gyzyklanýan dalaşgärleriň hemmesi tabşyryp bilerler.

–Ýyladyş, ventilyasiýa we kondisioner tehnigi, FSN-06 gyzyklanýan dalaşgärleriň hemmesi tabşyryp bilerler.

 Soňky senesi: 12-nji noýabr 2021

Degişli bildiriş bilen tanyşmak we bu wezipä tabşyrmak üçin, aşakdaky salgy boýunça geçiň:

https://erajobs.state.gov/dos-era/tkm/vacancysearch/searchVacancies.hms (salgy hususy enjamlarda hem açylýar).

Tabşyryş düzgünlerini we beýleki wajyp maglumatlary şu ýerde tapyp bilersiňiz: https://tm.usembassy.gov/embassy/jobs/

Kagyz görnüşli we/ýa-da e-mail arkaly ugradylan arzalar kabul edilmeýändigini ýatlatýarys. Ähli arzalar Elektron Iş barada Bildiriş ulgamy (ERA) arkaly doldurylmaly we tabşyrylmalydyr.

MÖHÜM:
– Ulgamda göz öňünde tutulmaýan tehniki taýdan hyzmat ediş geçirilmegi mümkin boldugy sebäpli, arzalaryňyzy soňky güne goýman tabşyrmagyňyz maslahat berilýär.

– Arzalar DIŇE iňlis dilinde doldurylmaly. Haýsy bolsa-da başga bir dilde doldurylan arzalar nädogry doldurylan diýip hasap ediler.

– Arzada ÄHLI bilýän dilleriňiz, şeýle hem ÄHLI okan we işlän ýerleriňiz anyk görkezilmeli. Dalaşgärleriň belli bir dil bilimi ýa-da belli bir bilim derejesi bar diýip çak edilmeýär. Arzada gerekli maglumatlar doly görkezilmedik ýagdaýynda, arza doly doldurmadyk diýip hasap ediler.
– Elektron Iş barada Bildiriş ulgamy (ERA) Chrome brauzerynda has gowy işleýär. Chrome ulanmagyňyzy haýyş edýäris.

 

Türkmenistan “Korkut ata” film festiwalyna gatnaşýar

 

Related posts

«PETRONAS Çarigali » kompaniýasy işe çagyrýar

Ata Watan Eserleri

Bäsleşik: «Ýaşyl depe» suw göteriji bekedi üçin halkara bäsleşigi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Içeri işler Ministrliginiň Instituty:Okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandy