BIZNES

Aýa gonmak üçin ýörite enjam

9-njy maýda häzirki wagtda dünýäde iň baý adam hasaplanylýan millarder Jeff Bezos “Blue Origin” kompaniýasy bilen bilelikde işlenip düzülen taslama gol çekdi. Taslama Aýyň üstünde gonmaga niýetlenen kosmiki enjamdyr.

Hünärmenleriň ýokary bahasyna mynasyp bolan enjam “Blue Moon” diýlip atlandyrylýar. Ol isleg bildirýänlere älem giňligine özbaşdak çykmaga we Aýa üstünlikli gonmaga mümkinçilik berer.

“Ine-de, üç ýyllyk zähmetiň soňuna ýetdik. Indi bize Aýa syýahat etmäge wagt boldy” diýip, millarder taslamasy barada gürrüň berýär.

“Amazon” internet söwda torunyň eýesi Bezos häzir 55 ýaşynda. Şol bir wagtyň özünde  ol “Blue Originiň” hem-de “The Washington Post” neşiriniň hem ýolbaşçysy. “Forbes” Žurnalynyň mart aýyndaky sanyna görä, ol häzir dünýäniň iň baý adamy. Onuň baýlygy 131 milliard dollara ýetýär.

Related posts

USAID: Merkezi Aziýada söwda taslamasyny tamamlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda hususylaşdyrmagyň nobatdaky tapgyry

Türkiýe Türkmenistanda 50 milliard dollarlyk potratçylyk işini amala aşyrdy