JEMGYÝET

«Robin Gud» hereketde

Türkiýäniň Diýarbekir welaýatynda bir gizlin şahsyýet ýerli ýaşaýjylaryň azyk dükanlaryna eden bergisini üzýär. Bu barada «NTV Türkiye» habar berýär.

Özüni gizlin saklaýan we Robin Gud diýlip atlandyrylmagyny isleýän şahsyýetiň esasy maksady bu diýarbekirlileriň hiç birinde karzyň bolmazlygy. Şu wagta çenli ol ýerli ýaşaýjylaryň umumy bahasy 12,5 müň türk lirasy (2 müň dollardan gowrak) bolan bergisini töläpdir. Onuň özüniň şaýat bolmagynda bergisi tölenen adamlaryň ady karz depderçesinden pozulýar ýa-da şol sahypa ýyrtylyp aýrylýar.

Bu barada dükanlaryň eýeleri ýa-da satyjylary şol berginiň hakyky eýesine telefon üsti bilen habar berýärler.

Related posts

Greýs Wan BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine bellendi

Türkmenistanyň we Nigeriň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň Aşgabat duşuşygy

Ata Watan Eserleri