BIZNES

Parižde Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Pariž şäherinde ýerleşýän MEDEF International guramasynyň baş edarasynda Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Batyr Wolsahatowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen fransuz işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygy açmak bilen, MEDEF International guramasynyň baş direktory Filipp Gotýe Türkmenistanyň Merkezi Aziýadaky strategik ähmiýetli ornuny nygtap, fransuz tarapynyň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.

2025-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagyň Fransiýa amala aşyran resmi saparynyň ähmiýeti aýratyn bellenilip, bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berendigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Batyr Wolsahatow öz çykyşynda ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berip, türkmen öndürijileri bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, uzak möhletleýin şertnamalary baglaşmak, fransuz kompaniýalarynyň birža söwdalaryna gatnaşmagyny giňeltmek hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Birža bilen gyzyklanma bildirýän fransuz kompaniýalarynyň arasynda täjirçilik maglumatlaryny alyşmak we geljegi uly geleşikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin hemişelik hyzmatdaşlyk mehanizmini döretmek meselesine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçisi M. Çaryýew Türkmenistanyň 2026-2030-njy ýyllar üçin daşary ykdysady işini ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini belledi.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işi, birža söwdasynyň mehanizmleri, daşary ýurt kompaniýalarynyň söwdalara gatnaşmagynyň şertleri we ýurdumyzyň önümlerini Ýewropa bazarlaryna ibermegiň mümkinçilikleri barada hem tanyşdyryş çäresi geçirildi.

Pikir alyşmalaryň dowamynda fransuz kompaniýalarynyň wekilleri türkmen önümlerini satyn almaga, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge, ulag-logistika we maliýe hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar anyk ugurlar boýunça gepleşikleri dowam etdirmäge we gyzyklanma bildirýän fransuz kompaniýalarynyň Türkmenistana saparlaryny guramak mümkinçiligini öwrenmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Geçirilen duşuşyk Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda, göni işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmekde we türkmen önümlerini Ýewropa bazarlarynda ilerletmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.

Related posts

Birža täzelikleri: singapurly telekeçiler karbamid satyn aldylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Russiýa Hytaýa tebigy gaz ibermekde öňdeligi eýeleýär

Nagt däl hasaplaşyk siziň bähbidiňize

vepa