Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm resminama gol çekildi.
2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýgulyýewiň Katar Döwletine amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde bu ýurduň Baş gümrük gullugynyň başlygy Ahmed bin Abdullah Al Jamal bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygyny ösdürmek, eksport-import amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de milli gümrük ulgamyny halkara standartlaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirýän işleri barada maglumat berildi.

Taraplar, hususan-da, şu ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar:
* Gümrük ulgamynda özara tejribe alyşmak;
* Öňdebaryjy sanly tehnologiýalary we halkara tejribäni ornaşdyrmak;
* Gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek;
* Söwda amallarynyň tizligini we netijeliligini ýokarlandyrmak;
* Özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek.
Ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijesinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Gümrük ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Bu resminama iki ýurduň gümrük gulluklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
