MEDENIÝET

«Älem gözeli» bäsleşiginde Puerto-Riko ýeňiş gazandy

Puerto-Rikodan Jennifer Barreto «Älem gözeli» gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. «Älem gözeli» atly 75-nji gözellik bäsleşiginde Puerto-Rikonyň wekili Jennifer Barreto ýeňiji diýlip yglan edildi.

«Täç öz şa aýalyny tapdy! Jennifer Barreto — siziň 2026-njy ýylyň Älem gözeliňiz!» diýip, çäräniň “Instagram” sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berilýär.

Bäsleşik Puerto-Rikonyň paýtagty San-Huan şäherinde geçirildi we oňa dürli ýurtlardan 116 sany gözellik gatnaşdy.

«Barreto “Älem gözeli” bäsleşiginiň taryhynda ýedi ýaşly Penelopa atly gyzy bolan ilkinji ýeňijidir» diýip, habar berilýär.

Barreto 27 ýaşynda. Ol ylmy psihologiýa ugry boýunça bakalawr we kliniki durmuş işi ugry boýunça magistr derejesini aldy. 2023-nji ýylda ol öňüni alyş boýunça hünärmen boldy.

Bäsleşigiň wise-miss (ikinji orun eýesi) diýen hormatly adyna Dominikan Respublikasyndan Melisa Nunes, Wenesueladan Klara Wegas, Filippinlerden Bea Millan-Windorski we Täze Zelandiýadan Jorjiýa Waddington mynasyp boldy.

Related posts

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi

Şu hepdäniň howa maglumaty

Täze ýyl sowgady: “Gyzyl alma” filmi görkezildi

Ata Watan Eserleri