2026-njy ýylyň 23–25-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Döwlet Taşliýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Italiýa Respublikasyna iş sapary boldy.
Saparyň çäklerinde, 23-nji noýabrda Rim şäherinde Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň Italiýanyň Hasap palatasynyň prezidenti Gwido Karlino bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda italýan tarapy Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň alyp barýan işleri, onuň esasy wezipeleri we ygtyýarlyklary bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Döwlet maliýe gözegçiligini amala aşyrmak, býujet serişdeleriniň maksadalaýyk we netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmek, şeýle hem döwlet buýurmasy esasynda gurulýan desgalaryň gurluşygynyň barşyna we hiline gözegçilik etmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Öz gezeginde, Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýanyň Hasap palatasynyň taryhy, guramaçylyk gurluşy, ygtyýarlyklary we iş tejribesi, şol sanda döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine we döwlet serişdeleriniň dolandyrylyşyna gözegçilik etmek ulgamyndaky tejribesi bilen tanyşdy.

Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde, 24-nji noýabrda bilermenleriň derejesinde duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda taraplar gözegçilik we audit çärelerini geçirmek boýunça tejribe alyşdylar, döwlet auditiniň milli ulgamlarynyň işleýiş aýratynlyklaryny we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
25-nji noýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýanyň Hasap palatasynyň Milanda ýerleşýän Lombardiýa sebit bölüminiň işine baryp gördi. Saparyň dowamynda wekiliýet bu bölümiň işiniň aýratynlyklary, hususan-da, sebitleýin we ýerli häkimiýet edaralarynyň býujetleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegiň mehanizmleri bilen tanyşdy.
Geçirilen iş sapary Türkmenistanyň we Italiýanyň ýokary maliýe gözegçilik edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boldy hem-de öňdebaryjy tejribe alyşmak we iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda hünär hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin binýat döretdi.
