SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

25-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gun  sizi gyzyklandyrýan möhüm mesele boýunça hoş habar gelmegi mümkin. Şeýle hem maliýe ýagdaýy hem günüň dowamynda sizi begendirip biler. Günüň ortalarynda iş bilen bagly gürrüňler birneme dartgynlylyk ýüze çykar.Kärdeşleriňiziň käbir bellikleri, ýolbaşçylaryňyzyň bolsa kararlaryňyza bolan garaýyşlary göwnüňize degmegi mümkin. Emma size öz pikiriňizi düşündirmek başardar, ýöne munuň üçin sabyrlylyk gerek bolar. Günüň ikinji ýasrymynda öýgüliňiz bilen gatnaşyklarda açyk we ýürekden gepleşmek ýakymly täsir galdyrar. Käbir maglumatlary gizlin saklamak kyn bolup biler, şonuň üçin düşnüksiz ýagdaýlary döretmezden, göni gürleşmek has gowy. Ýöne örän çynlakaý gürrüňleri başga wagta goýsaňyz ýerlikli bolar. Häzirki wagtda ikäňiziň hem ýeňil, hoşniýetli söhbetlere meýliňiz güýçli bolar

 Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün aljak maglumatlaryňyz öňki meýilnamalaryňyza başgaça garamagyňyza sebäp bolup biler. Täze pikirler döräp biler we şol bir wagtyň özünde goşmaça işler hem ýüze çykmagy mümkin.Şeýle hem  öň tejribäňiz bolmadyk işe girişmekden çekinmäň. Bu işiň dowamynda öwrenjek zatlaryňyz geljekde peýdaňyza işlär. Bu çylşyrymly meseleleriň çözgüdini gözlemek size täze başarnyklary edinmäge kömek eder.Maliýe meselelerini çözmek üçin sagat 15:00-dan 17:00-a çenli aralyk has amatly bolar. Adaty ýa-da täze çeşmeden pul gelip biler, şeýle hem peýdaly şertlerde ylalaşyk gazanmak mümkin. Hatda öýde ulanylmaýan bir zadyňyzy gowy bahadan satmak üçin mümkinçilik tapylmagy ähtimal.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu gün çylşyrymly bir meseläni çözmäge aýratyn höwes bilen girişersiňiz. Güýjüňiz we erjelligiňiz ýeterlik bolar, ilkinji kynçylyk ýüze çykanda yza çekilmän, onuň çözgüdini gözlärsiňiz. Öň sizi alada goýup, çykalga tapmakda kynçylyk döreden işler bu gezek has ýeňil ilerlemegi mümkin. Başlanan işiňizi ýarym ýolda goýmak islemersiňiz, sabyrlylygyňyz we tutanýerliligiňiz netijä ýetmäge kömek eder.Pul bilen bagly meselelerde bolsa has seresaply hereket etmek zerur. Esasan-da günüň ortalarynda özüne çekiji teklipler köp bolup biler.

 Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün aljak habaryňyz geljekki meýilnamalaryňyza bolan garaýşyňyzy üýtgedip biler. Täze pikirler bilen birlikde goşmaça jogapkärçilikler hem ýüze çykmagy ähtimal. Öň hiç haçan ýerine ýetirmedik işiňiz bolsa-da, ondan çekinmäň. Edinjek tejribäňiz ýakyn wagtda size peýda getirer. Çylşyrymly meseleleriň üstünde işlemek arkaly köp zat öwrenip bilersiňiz.Günüň ortalarynda işewür gürrüňler dartgynly häsiýete eýe bolup biler. Kärdeşleriň arasynda nägilelikler ýüze çykmagy, ýolbaşçylaryň käbir çözgütleriňizi makullamazlygy mümkin. Garşy tarapy öz pikiriňize ynandyrmak başardar, ýöne munuň üçin sabyrlylyk bilen düşündirmek gerek. Derrew ylalaşyk gazanmaga synanyşman, ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik dörediň.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Günüň birinji ýarymynda täze çeşmeden pul gelip biler. Bu wagt zerur satyn alyşlary amala aşyrmak üçin hem amatly. Ýakyn aýlarda gerek boljak möwsümleýin egin-eşiklere we gündelik ulanylýan zatlara üns beriň. Käbir Esetler zerur harytlary arzan bahadan satyn almaga mümkinçilik taparlar.Günüň ikinji ýarymynda ownuk maliýe kynçylyklary ýüze çykmagy mümkin. Garaşýan tölegiňiziň gijikdirilmegi hem aradan aýrylmaýar. Şeýle ýagdaýda birnäçe günüň dowamynda haýsy çykdajylary azaltmalydygyňyzy kesgitlemeli bolarsyňyz. Entek elinize gelmedik puly alnan ýaly hasaplamazdan, täze çykdajylary meýilleşdirmäň.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün işlerde çalt üstünlik gazanmak aňsat bolmaz. Hatda ýönekeý meseleleriň çözülmegi hem garaşylandan köp wagt alyp biler. Başgalalaryň goýberen ýalňyşlyklary sebäpli öz işleriňizi yza süýşürmeli bolmagyňyz mümkin. Şonuň üçin günüň dowamynda meýilnama düzende mümkin bolan gijikmeleri hem göz öňünde tutuň.Maliýe ýagdaýyňyza hem ünsli göz aýlamak gerek. Soňky döwürde meýilleşdirilenden köp pul sarp edendigiňiz ýüze çykyp biler. Indi çykdajylary azaltmak zerurlygy döreýär. Häzirlikçe hökmany däl satyn alyşlary başga wagta goýmak, pul bilen bagly beýleki meselelerde hem seresap bolmak maslahat berilýär.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün käbir Mizanlara  maliýe meselelerini çözmek üçin amatly gün. Özbaşdak söwda bilen meşgullanýan, hyzmatlar ulgamynda ýa-da araçylyk işlerinde işleýän Mizanlaryň girdejili şertnamalar baglaşyp, gazanjyny artdyrmaga mümkinçiligi bolar. Günüň ortalarynda söýgüliňiz bilen aragatnaşyk üçin gowy pursat dörär. Işleriňizi biraz yza süýşürip, duşuşmaga mümkinçilik tapsaňyz, bu pursatdan peýdalanyň.

 Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Başgalalaryň derrew goldaw bermezligi size öz  pikiriňizden ýüz öwürmäge sebäp bolmaly däl. Käbir meýilnamalaryňyzy, başda başgalaryň gatnaşmagyna umyt eden bolsaňyz-da, özbaşdak durmuşa geçirmeli bolarsyňyz. Bu ýagdaý gerekli netijäni wagtynda gazanmagyňyza päsgel bermez. Aladalar we tolgunmalar bolup biler, ýöne günüň dowamynda düýpli kynçylyklar ýüze çykmaz.Günüň ikinji ýarymy birneme rahat geçer. Öň başlan işleriňize dolanyp, olary tamamlamak, resminamalar bilen meşgullanmak ýa-da döwlet edaralaryna ýüz tutmak üçin amatly wagt bolar.

 Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Günüň birinji ýarymynda pul bilen bagly meselelerde seresap boluň. Täze tanşyňyz örän özüne çekiji şertlerde bir teklip bilen ýüz tutsa, onuň ähli jikme-jikliklerini ünsli öwreniň. Esasan-da, uly möçberli pul barada gürrüň edilende aldawa düşmek howpy bar.Günüň ikinji ýarymynda maliýe ýagdaýy has oňyn görünýär. Puluňyzy nähili ulanmalydygyňyz aýdyňlaşar, peýdaly satyn alyşlary amala aşyrmak üçin mümkinçilik dörär.Şeýle hem täze tanyşlyklar hem ýakymly bolup, romantik dowam almagy mümkin. Ýöne ilkinji täsire görä howlukmaç netije çykarmakdan saklanyň. Adamy has ýakyndan tanamak üçin özüňize wagt beriň.

 Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün has tejribeli adamlaryň hem çözgüt tapyp bilmedik meselesinde üstünlik gazanmak mümkinçiligiňiz bolar. Ýöne munuň üçin öňkü usullaryňyzyň hemmesi peýda bermez. Belki, täzeçe çemeleşmeli bolarsyňyz. Nädip hereket etmelidigiňizi bada-bat bilmeseňiz  başgalardan kömek soramakdan çekinmäň. Daş-töweregiňizdäki adamlar peýdaly pikirlerini höwes bilen paýlaşarlar.Şele hem günüň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyzda oňyn üýtgeşmeler bolup biler.Esasan-da, soňky döwürde söýgüliňiz bilen ýygy-ýygydan düşünişmezlikleri başdan geçiren Jediler bu ýagdaýdan hoşal bolarlar. Ylalaşyga gelmek we gatnaşyklaryňyzdaky sazlaşygy dikeltmek üçin mümkinçilik dörär. Köp zat siziň başlangyjyňyza bagly bolar: gyzykly teklip bilen çykyş edip, ýakyn adamyňyza eglişik edip, ikiňize-de laýyk çözgüt tapmaga taýýardygyňyzy görkezersiňiz.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )

Çylşyrymly işi çözmekde bilimiňiz we tejribäňiz size uly kömek eder. Kärdeşleriňizi kyn ýagdaýa salan meseläniň çözgüdini çalt tapyp bilersiňiz. Umuman, gün üstünlikli geçer we çynlakaý aladalar üçin kän bir sebäp döretmez. Irden resminamalar, hukuk meseleleri ýa-da döwlet edaralary bilen gatnaşyk saklamak boýunça işleýän Daluwlara gyzykly iş teklipleri gelip biler.Hatda täze we batyrgaý pikirleriňiziň hem goldaw tapmagy mümkin. Şeýle hem meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirmäge kömek etjek adamlar ýanyňyzda peýda bolup biler. Şahsy durmuşyňyzda hem ýakymly pursatlar köp bolar. Bu diňe bir gatnaşykda bolan Daluwlara däl, täze tanyşlyklara açyk bolanlara hem degişli. Bilelikde üýtgeşik dynç alşy meýilleşdirmek, başga ýere gezelenje gitmek ýa-da medeni çärä gatnaşmak üçin amatly gün.

 Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Günüň birinji ýarymy möhüm we jogapkärli işleri ýerine ýetirmek üçin amatly bolar. Hyzmatdaşlyk boýunça özüne çekiji teklipler gelip biler, ýöne gutarnykly karara gelmezden ozal şertlerini ünsli öwreniň. Jikme-jiklikleriň arasynda teklibe bolan garaýşyňyzy düýpli üýtgedip biljek maglumatlar tapylmagy mümkin.Günüň ikinji ýarymynda Söýgi gatnaşyklarynda ýagdaý birneme çylşyrymly bolup biler. Başga meseleler bilen başagaý bolup, söýgüliňiz bilen gürrüňdeşlikde öňki öýke-kineleriň ýene ýatladylmagy mümkin. Partneroldaşyňyzyň duýgularyna degmezden, käbir soraglara dogruçyl jogap bermek kyn bolar. Şonuň üçin sözleriňizi seresap saýlamaly. Diňe aýdýan zadyňyzyň mazmuny däl, eýsem ony nähili äheňde aýdýandygyňyz hem möhüm. Ýakyn adamyňyza göwne degmezlige çalşyp, ýürekden gepleşiň.

 

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Related posts

21-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Gündelik Täleýnama: 19 Maýda Ýyldyzlar näme diýýär?

28-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama