Şu ýylyň 10 aýynda Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerleriniň üsti bilen 18 million tonnadan gowrak ýük dolanyşygy amala aşyrylyp, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10 göterim artdy. Şol döwürde ýurdumyzyň çäginden üstaşyr ýükler 106 ýurda geçirildi, olaryň umumy möçberi bolsa 6 million 600 müň tonnadan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berdi.
Türkmenistanyň halkara ulag geçelgelerindäki gümrük nokatlarynyň tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy, olaryň ulag we ýük geçirijilik kuwwatynyň ýokarlandyrylmagy hem-de sanly ulgamlaryň giňden ornaşdyrylmagy serhetüsti ýük akymlarynyň artmagyna şert döredýär.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden peýdalanýan ýurtlaryň sany artdy. Üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwründäki görkeziji bilen deňeşdirilende 15 göterim ýokarlandy. Şeýle hem ýurdumyzyň daşary söwdasynda eksport we import harytlary bilen bagly serhetüsti ýük dolanyşygynyň möçberi 8,5 göterim artdy.
Döwrebap barlag enjamlary bilen üpjün edilen serhetýaka gümrük nokatlarynda awtoulag serişdeleriniň giren pursadyndan başlap, gümrük amallarynyň ýerine ýetirilişine sanly ulgam arkaly gözegçilik edilýär. Bu bolsa ýükleriň resmileşdirilmegine sarp edilýän wagty azaltmaga we halkara ulag gatnawlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamynda alnyp barylýan bu işler ýurdumyzyň halkara ulag geçelgelerindäki ornuny pugtalandyrmaga, üstaşyr gatnawlaryň möçberini artdyrmaga we sebitara söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm goşant goşýar.
