«Rosatom» döwlet korporasiýasy Türkmenistan bilen tehnologik hyzmatdaşlygy atom energetikasynyň çäklerinden daşarda hem giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaýar. Geljegi uly ugurlaryň hatarynda ýadro lukmançylygy, ýel energetikasy, additiw tehnologiýalar, kompozit materiallaryň önümçiligi we sanly senagat bar.
Bu barada döwlet korporasiýasynyň Merkezi Aziýadaky wekilhanasynyň baş direktorynyň orunbasary Dmitriý Konstantinow Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly CIET 2026 halkara maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.
Hususan-da, korporasiýa ýadro lukmançylygy ulgamynda hyzmatdaşlygy teklip etmäge taýýardyr. Şunuň ýaly taslamalar eýýäm Merkezi Aziýada, şol sanda Gyrgyzystanda durmuşa geçirilýär.
Ýene bir ugur ýel energetikasydyr. «Rosatomyň» Russiýada umumy kuwwaty 1 GWt-dan gowrak bolan öz ýel elektrik stansiýalary bar. Korporasiýa bu ugurdaky ilkinji eksport taslamasyny hem Gyrgyzystanda durmuşa geçirýär. Taslamanyň çäklerinde Yssykköl sebitinde ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Konstantinow şeýle hem uçar gurluşygynda we gurluşyk pudagynda ulanylýan additiw tehnologiýalary hem-de kompozit materiallary, şeýle-de maglumatlary işlemek merkezlerini döretmegi öz içine alýan sanly senagat çözgütlerini aýratyn belledi.
Konstantinow häzirki wagtda «Rosatomyň» Russiýany hem goşmak bilen, on ýurtda 45 energiýa bloguny gurýandygyny habar berdi. Merkezi Aziýada korporasiýa Özbegistanda atom energetikasy taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýar. Bu ýurtda 2026-njy ýylyň aprelinde ilkinji beton guýmak dabarasy geçirildi. Şeýle hem «Rosatom» Gazagystanda atom elektrik stansiýasyny gurmak boýunça konsorsiuma ýolbaşçylyk eder.
