SPORT

Emre Belezoglu «Fenerbahçe» toparynyň baş tälimçisi boldy

Emre Belezoglu Türkiýäniň «Fenerbahçe» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär.

Şertnamanyň möhleti barada maglumat berilmedi.

46 ýaşly Belezoglunyň soňky işlän ýeri 2025-nji ýylyň dekabryndan bäri ýolbaşçylyk edip gelen «Kasympaşa» toparydyr. Ol mundan ozal «Stambul Başakşehir», «Ankaragüjü» we «Antalýaspor» toparlarynda hem baş tälimçi bolup işledi.

Belezoglu 2020-nji ýylda «Fenerbahçe» toparynyň düzüminde futbolçylyk karýerasyny tamamlady. Şol ýylyň awgust aýyndan 2021-nji ýylyň iýun aýyna çenli klubuň sport direktory wezipesinde işledi. 2021-nji ýylyň mart aýyndan iýun aýyna çenli bolsa toparyň baş tälimçisiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirdi.

Belezoglu futbolçy hökmünde Türkiýäniň «Galatasaraý» we «Stambul Başakşehir», Italiýanyň «Inter», Angliýanyň «Nýukasl» hem-de Ispaniýanyň «Atletiko» toparlarynda hem çykyş etdi.

Ol «Galatasaraýyň» düzüminde 2000-nji ýylda UEFA-nyň kubogyny we Superkubogyny gazandy. Şeýle hem Türkiýäniň milli ýygyndysynyň düzüminde 2002-nji ýylda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynyň bürünç medalyna mynasyp boldy.

Related posts

Naýbaşy kubogyň eýesi – “Altyn asyr”

Kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi

Ýylyň boks tutluşygy Er-Riýadda geçiriler