MEDENIÝET

Stambulda «Gorkut Ata» kinofestiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi

Stambul şäherinde Türki dünýäsiniň VI «Gorkut Ata» kinofestiwalynyň dabaraly açylyşy boldy. Açylyş dabarasyna Halkara türki medeniýeti guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew, türki döwletleriň medeniýet ministrlikleriniň wekilleri, prodýuserler, kino sungatynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler türki döwletleriň umumy taryhy kökleriniň we geçmişiniň bardygyny, şol gymmatlyklara esaslanýan ruhy-medeni gatnaşyklaryň kinematografiýa ulgamynda hem öz beýanyny tapýandygyny bellediler.

Umumy taryhy hakydanyň we medeni mirasyň türki halklary ýakynlaşdyrýan berk binýat bolup durýandygy, kino sungatynyň bolsa bu jebisligi berkitmegiň we wagyz etmegiň iň täsirli serişdeleriniň biridigi nygtaldy. Şeýle hem türki dünýäniň kinematografiýa wekilleriniň täze taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda bilelikdäki tagallalaryny birleşdirmeginiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.

Soňra şu ýylky kinofestiwalyň esasy maksatnamasy tanyşdyryldy we eminler toparynyň agzalary köpçülige hödürlenildi.

Agşamyň ahyrynda festiwalyň açylyş filmi hökmünde gyrgyzystanly režissýor Kanybek Kalmatowyň «Aýtmatow» atly çeper filmi görkezildi.

Türki dünýäsiniň VI «Gorkut Ata» kinofestiwalynyň 7-nji noýabra çenli dowam etjekdigini bellemek gerek.

Ýatladyp geçsek, «Gorkut Ata» kinofestiwaly türki halklaryň umumy medeni mirasyny wagyz etmek maksady bilen 2021-nji ýylda Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan esaslandyryldy.

Festiwal döredilen gününden bäri türki dünýäniň dürli ýurtlarynyň şäherlerinde, şol sanda Aşgabat şäherinde hem geçirildi.

56 FILM KINOSÖÝÜJILERE GÖRKEZILER

2026-njy ýylyň 3–7-nji noýabry aralygynda geçiriljek festiwalyň çäklerinde türki dünýäniň dürli ýurtlaryndan 56 film kino söýüjilere hödürlener. Doly metražly çeper filmler, dokumental filmler we gysga metražly filmler ugurlary boýunça jemi 30 film baýrakly orunlar ugrunda bäsleşer.

Stambul şäheriniň dürli kinoteatrlarynda filmleriň mugt görkezilişleri guralar. Mundan başga-da, festiwalyň çäklerinde kino pudagynyň geljegine bagyşlanan möhüm duşuşyklar geçiriler.

Festiwalyň maksatnamasyna laýyklykda, Türki dünýäsiniň kino sammitini, halkara bilelikdäki kino önümçiligi boýunça gepleşikleri, täze kino taslamalaryny goldamak maksatnamalaryny, şeýle hem kinematografiýada emeli aňyň geljegine bagyşlanan maslahatlary geçirmek meýilleşdirilýär.

Festiwala 150-den gowrak daşary ýurtly myhmanyň, şeýle hem Türkiýeden kino pudagynyň 300-e golaý hünärmeniniň we ylmy işgäriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu iri medeni çäre türki dünýäniň kinematografiýa ulgamynda film öndürmek mümkinçilikleriniň giňeldilmegine we özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm goşant goşar.

Related posts

Aşgabatda 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkez gurlar

“Prix Italia 2023” festiwalynyň ýapylyş dabarasy boldy

«Türkmen tebigaty — ylham çeşmesi » atly bäsleşik yglan edildi