DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi.

Mejlisiň dowamynda sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy, şeýle hem söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika we beýleki ugurlarda amaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmak we sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň bu çärä gatnaşmagy ýurduň sebit döwletleri bilen netijeli dialogy ösdürmäge, özara hormat goýmak we ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ygrarlydygyny görkezýär.

Related posts

Gruziýanyň Parlamentiniň başlygynyň Türkmenistana sapary guralar

Ata Watan Eserleri

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Saida Mirziýoýewa Özbegistanyň Prezident administrasiýasynyň başlygy boldy