2026-njy ýylyň 21–23-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly halkara maslahatynyň we sergisiniň myhmanlarynyň arasynda Aly atly adam şekilli robot hem bolar.
Bu barada OGT 2026 halkara forumynyň guramaçylary «Turkmen Energy Forum» guramasynyň @turkmen_energy_forum Instagram sahypasynda habar berilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Hytaýyň «Unitree Robotics» kompaniýasy tarapyndan öndürilen Unitree G1 görnüşli robot sergä gatnaşyjylara we myhmanlara tanyşdyrylar.
Aly atly robot serginiň dowamynda myhmanlar bilen duşuşar. Gatnaşyjylar adam şekilli robotlaryň mümkinçilikleri, häzirki zaman robot tehnologiýalarynyň ösüşi we adamlaryň hem-de akylly maşynlaryň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alarlar.
Unitree G1 nähili robot?
Unitree G1 — iki aýakda hereket edip bilýän, adam şekilli häzirki zaman robotydyr. Ol ýöremek, deňagramlylygyny saklamak, ellerini we barmaklaryny hereketlendirmek ýaly dürli hereketleri ýerine ýetirip bilýär. Robotyň boýy takmynan 132 santimetr, agramy bolsa 35 kilogram töweregindedir.
Bu görnüşli robotlar emeli aň, robototehnika we awtomatlaşdyryş tehnologiýalaryny ösdürmek maksady bilen ulanylýar.
OGT 2026 halkara sergisinde Aly atly robotyň görkezilmegi çäräniň diňe bir energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyga däl, eýsem, innowasion tehnologiýalara hem aýratyn üns berýändigini görkezýär.
