JEMGYÝET

Prezident Ilham Aliýew: Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar soňky ýyllarda depginli ösýär

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar soňky ýyllarda depginli ösýär. Bu barada Prezident Ilham Aliýew Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Azerbaýjanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 8-nji Konsultatiw duşuşygynda çykyşynda belläp geçdi.

Döwlet Baştutany geçen ýyldan bäri ýokary derejede eýýäm bäş saparyň amala aşyrylandygyny belläp: «Bu biziň syýasy dialogymyzyň işjeňligini we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga bolan özara ygrarlygymyzy görkezýär», diýip nygtady.

Prezident Ilham Aliýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Fizuli şäherinde metjidiň gurluşygynyň alnyp barylýandygyna aýratyn ünsi çekdi.

«Geçen ýyl biz bilelikde onuň düýbüniň tutulmagyna gatnaşdyk. Doganlyk Türkmenistanyň ýurdumyza bu sowgady halklarymyzyň dostlugynyň we ruhy ýakynlygynyň ýene bir subutnamasydyr», diýip döwlet Baştutany sözüniň üstüni ýetirdi.

Related posts

YouTubeniň ornuny tutup biler

vepa

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna! Hytaýyň uniwersitetleri üçin gerekli resminamalar

Türkmenistanyň raýatlaryna Türkiýä syýahatçylyk wizasyny resmileşdirmek üçin zerur bolan resminamalar

Ata Watan Eserleri