JEMGYÝET

Azerbaýjanyň Prezidenti iş sapary bilen Türkmenistana geldi

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew iş sapary bilen Türkmenistana geldi.

Howa menzilinde Azerbaýjanyň Prezidentini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow garşylady.

Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda saparda bolýar.

Saparyň çäklerinde Ilham Aliýewiň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň 8-nji Konsultatiw duşuşygyna, GDA döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hem-de Hazar deňziniň ekologik sammitine gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

 

Related posts

Türkmenistan’dan Japon Turistler İçin Vize Kolaylığı

vepa

TIF-2026:Türkmenistan bilen halkara kompaniýalar täze ylalaşyklara gol çekdiler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Hytaýyň täze Premýerini gutladylar