SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günlerini wagtlaýyn artdyrdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk hyzmatlaryna islegiň artýandygyny nazarda tutup, wagtlaýynça konsullyk hyzmatlary boýunça kabul ediş günleriniň sanyny artdyrdy. Bu barada Hytaýyň ilçihanasynyň saýtynda habar berilýär.

Hytaýyň ilçihanasynyň bildirişinde şeýle diýilýär:

– Hytaýa gitmek etmek isleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň sanynyň artmagy sebäpli, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 2026-njy ýylyň 6-njy iýulyndan 30-njy sentýabryna çenli aralykda hepdede goşmaça ýene-de bir sany kabul ediş gününi girizýär.

Şunlukda, resminamalary kabul etmek duşenbe, sişenbe, penşenbe we anna günleri sagat 9:00-dan 11:30-a çenli, taýýar bolan resminamalary bermek bolsa sagat 15:30-dan 17:00-a çenli amala aşyrylar.

Related posts

Halkara uçar gatnawlary 31-nji awgusta çenli ýatyrylýar

Ata Watan Eserleri

Halkara syýahatçylygynyň ýitgisi

Taýlandyň haçan syýahatçylary kabul edip başlajakdygy belli boldy